Takmynan
NesilCoffee
NesilCoffee
NesilCoffee özüniň ýokary hilli önümleriniň önümçiligine 2024-nji ýylda başlady.
NesilCoffee-niň taryhy – bu dünýäniň on bäşden gowrak ýurtlarynyň güneşli jülgelerinde ösdürilip ýetişdirilýän 100%-li organiki dänelerine bolan tebigy höwesden öz gözbaşyny alýar. Kofe däneleriniň islendik görnüşi hiç hili himiki dökünsiz ýetişdirilip, ýokary hilli däneleri saýlap almak üçin ýygnaýjylyk prosesinde diňe el bilen ýygnalýar we arassalaýyş işinden hem geçirilýär. Bu bolsa dänäniň biziň ýurdumyza çenli täze hem ter ýagdaýda gelmegini kepillendirýär we önümçilik bölüminde bu ter hem arassa organiki däneler Italiýanyň ýokary hilli gowurma enjamlary bilen gowrulýar we gaplanyp sarp edijelere hödürlenýär.

Biziň Taryhymyz
Biziň dänelerimiz
Biziň Taryhymyz - öz gözbaşyny nesillere miras galjak tebigy tagamy hem halkyna hem-de dünýä ýüzüne tanatmakdan alyp gaýdýar. Asyrlar boýy dowam edip gelýän, şeýle hem asylly däbe öwrülen kofe bugünki gün Türkmenistanyň Köpetdagynyň eteginde bu tebigy tagamy täze nesillere miras goýjak, önümleri dünýä standartlaryna, ýagny (ISO 9001:2015, ISO 22000:2018) we Halal talaplaryna laýyk gelýän we Ýewropanyň öňde baryjy tehnologiýalary bilen taýarlanýan bu kärhana 2024-nji ýylda öz işine başlady. Kofe däneleri 15-den gowrak döwletden import edilip, 3si1-de kofe görnüşleriniň hem garyndylary tebigy taýarlanýan premium derejeli goşundylar bolup durýär.


